Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bäherdende keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürjek zawod gurlar

23:0016.11.2021
0
10556

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde milletiň Liderine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürmek boýunça zawody gurmak hakynda taýýarlanylan Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, daşky eltiji ulag-kommunikasiýalaryny çekmek hem-de inžener-tehniki ulgamlary gurmak işlerini hem öz içine alýan täze kärhana Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakyndaky degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen bina ediler.

Bu taslamany durmuşa geçirmegi “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýetine ynanmak göz öňünde tutulýar. Zawod meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylar. Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge deň bolar. Desganyň gurluşygyny 2024-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze senagat desgasynyň gurulmagynyň hem-de onuň gurluşygynyň “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýetine ynanylmagynyň göz öňünde tutulýandygy baradaky meselä degip geçmek bilen, häzirki wagtda işewür düzümleriň wekilleriniň ýurdumyzda köpugurly bäsdeşlige ukyply senagat pudagynyň döredilmegine, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak meseleleriniň çözülmegine we eksport ugurly harytlaryň önümçilik möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge örän işjeň gatnaşýandyklaryny aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň geljekde-de türkmen telekeçilerine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini belläp, hödürlenen Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu resminamany ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň