Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Garagum» myhmanhanasy we döwrebap seýilgäh açylar

23:2215.11.2021
0
16380

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji noýabrda geçiren iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow senagat toplumynda we Aşgabat şäherinde alnyp barylýan gurluşyklar hem-de türkmen paýtagtynyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň we Aşgabatda häzirki zaman seýilgähiniň açylyş dabaralaryna görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Täze kaşaň myhmanhana toplumynda daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara çäreleri, forumlary geçirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem täze seýilgähde adamlaryň oňaýly dynç almagy bilen bir hatarda, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin degişli mümkinçilikler döredildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen özboluşly bir bitewi sazlaşygy emele getiren täze myhmanhananyň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmen Lideri bu myhmanhanada halkara ähmiýetli möhüm çäräniň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini belläp, şolara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň, myhmanhana toplumynyň we onuň daş-töwereginiň arassaçylygynyň hem-de abadançylygynyň üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ç.Purçekowa we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa bu ýerde aragatnaşyk, internet we beýleki degişli hyzmatlaryň ýola goýulmalydygyny, bu ugra degişli meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň