Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyp ýaşlaryň arasynda rus dilinde geçirilen onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi

09:5416.11.2021
0
14274

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda rus dili boýunça onlaýn olimpiada geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň 17-sinden jemi 85 talyp gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Onlaýn olimpiadanyň eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda baş baýraga Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Ýunus Baýramdurdyýew mynasyp boldy. Olimpiadanyň 1-nji ornuna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Ýunus Omurow, 2-nji ornuna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Söýli Durdyýewa bilen S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Ylýas Ataýew, 3-nji ornuna bolsa Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Batyr Durdynazarow bilen birlikde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary Kerim Nurgeldiýew bilen Nurýagdy Tosyýew eýelemegi başardylar.

Belläp geçsek, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary, beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň rus dilini biliş derejelerini anyklamak, olaryň tejribesini öwrenmek maksady bilen onlaýn olimpiada öz islegleri boýunça gatnaşmadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň