Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini tassyklady

23:0915.11.2021
0
18243

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geljek 2022-nji ýyl üçin ýurduň döwlet býujeti baradaky kanuna gol çekdi. Ýurduň indiki ýyl üçin döwlet býujeti şu ýylkydan ep-esli köp bolar

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 85 619 million 200 müň manat, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 25 796,0 million manat möçberindetassyklandy. (Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hasabyna görä ABŞ-nyň 24 milliard dollaryndan gowrak bolar). 2021-nji ýylda ýurduň döwlet býujeti 79 509 million 600 müň manat (takmynan ABŞ-nyň 22,7 milliard dollary) derejesinde boldy.

Kanunyň 2-nji maddasynda Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Merkezileşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 77 421 million 500 müň manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 17 598 million 200 müň manat möçberinde tassyklandy.

Kanunyň 3-nji maddasyna laýyklykda umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2022-nji ýyl üçin kadalaýyk ölçeglerini hem bellenildi.

4-nji madda laýyklykda 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 3 101 million 200 müň manat möçberde serişdeleri bölüp bermek we şol sanda

Ahal welaýaty 187 million 700 müň manat, Daşoguz welaýaty 1 520 million 300 müň manat, Lebap welaýaty 1 051 million 400 müň manat, Mary welaýaty 341 million 800 müň manat möçberinde tassyklandy.

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň