Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligini döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ol ýerlerde gulluk itlerini saklamak üçin niýetlenen binanyň, şeýle hem bu düzümlere degişli athananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutany dag eteklerindäki ajaýyp künjekleriň birinde saklanyp, ýoluny ahalteke bedewinde dowam etdi. Milletiň Lideri harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirliginiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.
Bu ýerde Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew Hojalyk müdirliginiň birinji tapgyrda gurulmagy meýilleşdirilýän binalarynyň we desgalarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi. Toplum birnäçe binalardan ybarat bolup, olarda ýaş harby gullukçylaryň zähmet endigini ösdürmek üçin ähli zerur şertler üpjün ediler.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew bu ýerde serhetçiler üçin niýetlenen 150 orunlyk naharhananyň we beýleki desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde awtoduralgany, ammarlary, şeýle hem 2 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsini gurmak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutany bu ýerde saklanýan gulluk itleri, olar üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Döwlet serhet gullugynyň başlygy milletiň Liderine serhetçi itleriň saklanylyşy, olaryň gulluk üçin taýýarlanylyşy hem-de alabaýlar üçin döredilen şertler barada hasabat berdi. Bu ýerde gulluk itleriniň ukyplaryny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Milletiň Lideri serhetçilere üstünlik arzuw edip, bu ýerden täze athananyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine tarap atly ugrady.
Döwlet Baştutany harby we hukuk goraýjy edaralar üçin niýetlenen athananyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde saklandy. Içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna täze guruljak desgalar toplumynyň taslamalaryny hödürledi. Bu ýerde ahalteke bedewlerini saklamaga, idetmäge, seýislemäge niýetlenen desgalar bilen bir hatarda, atşynaslar we serkerdeler üçin binalar gurlar.
Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de ministre tabşyryklary berdi. Toplumyň çäginde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen we dünýä ýüzünde uly şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň döwrebap ýagdaýda saklanmagy, olaryň baş sanynyň artdyrylmagy we ýörite seýisçilik işleriniň geçirilmegi üçin döredilýän şertler häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidir diýip, milletiň Lideri belledi.
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ýerde ýerleşýän we nyşana ok atmak boýunça türgenleşmek üçin niýetlenen atyşhana tarap ugrady.
Döwlet Baştutany atyşhanada nyşana ok atdy we atylan oklaryň nyşananyň merkezine degmegi ýaraga ussatlyk bilen erk edýändigini görkezdi.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary milletiň Lideri nobatdaky gezek iň ýokary netijeleri görkezip, häzirki zaman ýaraglaryna ussatlyk bilen erk edýändiginiň şaýady boldular. Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlara ýüzlenip, şahsy düzümleriň sportuň harby-amaly görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagynyň harby işde söweşjeň wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine bildirilýän esasy talapdygyny belledi we atan nyşanalaryna öz goluny goýdy.