Hindistanda Sebitleýin howpsuzlyk gepleşikleriniň üçünji ýygnagy geçirildi

23:1310.11.2021
0
8792

10-njy noýabr güni irden Eýranyň, Russiýanyň, Hindistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Geňeşleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Owganystandaky häzirki ýagdaýy gözden geçirmeklik üçin Sebitleýin howpsuzlyk gepleşikleriniň üçünji ýygnagy başlandy.

Eýranyň ISNA habarlar gullugynyň habaryna görä, bu ýygnakda sebitdäki soňky howpsuzlyk wakalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sebitleýin howpsuzlyk gepleşikleriniň ýygnagyny geçirmeklik başlangyjy Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan öňe sürüldi. 2018-nji ýylda Sebitleýin howpsuzlyk gepleşikleriniň ilkinji ýygnagy Tähranda owgan batymy (krizisi) bilen baglanyşykly meselelere garamaklyk maksady bilen geçirildi.

Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Şamhani, üçünji sebitleýin howpsuzlyk gepleşiklerinde Owganystandaky syýasy we howpsuzlyk meselesine üns berilýändigi barada aýratyn nygtap geçmeklik bilen: «Bu ýygnakda sebitdäki batymyň (krizisiň) düzüm böleklerini, esasanam Owganystandaky ýagdaýy öwrenmäge, bu ýurtda dowamly we öz içine alyjy parahatçylygy hem durnuklylygy döretmäge kömek etmegiň umumy amaly çözgütleri tapmaga synanyşdyk.» - diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň