Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýolaman Hummaýew — türkmen operasynyň düýbüni tutujy

12:2910.11.2021
0
5906

Şu gün türkmen opera sungatyny ösmegine goşant goşan guýma gursak ussat opera aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Hummaýewiň doglan günine 100 ýyl dolýar.

Türkmenistanda opera sungatynyň düýbüni tutmaga gatnaşan Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa, Alty Garlyýew, Annagül Annakulyýewa, Hydyr Allanurow ýaly ussatlar bilen birlikde, Ýolaman Hummaýew hem bu gün sylag-hormat edip ýatlanylmaga mynasyp sungat ussadydyr.

Şu ýylyň noýabr aýynyň 13-ne Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda «Öçmejek ýyldyz» atly döredijilik agşamy geçiriler. Oňa Ýolaman Hummaýewiň ýakynlary, maşgala agzalary, talyplar we mugallymlar gatnaşarlar. Ýatlama agşamynda ussadyň durmuş we döredijilik ýoly, onuň Türkmenistanda opera sungatyny esaslandyrmakda bitiren hyzmaty hakynda söz açýan “Öçmejek ýyldyz” atly film ilkinji gezek görkeziler.

Dabarada sazly çykyşlara-da uly orun berler. Dabarada ýaş mugallymlar Begenç Moşşyýew, Röwşen Baýramow, Mähri Moşşyýewa, Mähri Orazowa, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň tans topary çykyş ederler.

“Türkmen bilbili” diýip halk arasynda at alan Ýolaman Hummaýew 1921-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Goňur (Çarlak)” obasynda dünýä inýär. Onuň atasyna Söýeg bagşy diýipdirler. Söýeg bagşynyň kiçi ogly Humma ömrüni daýhançylyga bagyşlapdyr. Humma ýanýoldaşy Orazbibi bilen Ilaman, Ýolaman, Gulaman, Gurbanjemal atly perzentleri terbiýeläp ýetişdiripdirler.

Ýolaman ilki oba mekdebinde, soňra Mary şäherinde geçirilýän dürli çärelerde mylaýym owazly sesi bilen bilen özüni tanadýar. Şol ýyllarda Maryda Aşgabatdan gelip konsert berip ýören sungat ussatlary bilen hem tanyşýar.

Görmegeý türkmen ýigidiniň üýtgeşik tebigy zehininiň bolandygy üçin Ýolaman şol sungat ussatlarynyň ýörite çagyrmagy bilen Aşgabada gelýär. Şeýdibem 1940-njy ýyllarda Aşgabatda açylan opera studiýasynda Ýolaman Hummaýewiň döredijilik ýoly başlanýar.

1942-nji ýylda Ýolaman Hummaýew ussat balet tansçysy Bibi Çeretanowa bilen durmuş gurýar. Bibi Çeretanowa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky akademiki opera we balet teatrynda zähmet çekip, köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda balet sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşupdyr. Ol belli režissýor Alty Garlyýew tarapyndan surata düşürilen “Aýgytly ädim” çeper filminde Halnazar baýyň ogly Ballynyň aýalynyň keşbinem döretdi.

Mundan başga-da “Çopan ogly”, “Aýna”, “Aýratyn tabşyryk”, “Aşyr aganyň hötjetligi” ýaly çeper filmlerde hem ýatda galyjy keşpleri döretdi. Bu sungat maşgalasynda Nurmuhammet, Gözel, Nurjemal atly perzentleri dünýä indi.

Ýolaman Hummaýewiň kiçi gyzy Nurjemal “Aýgytly ädim” kinofilminde Artygyň jigisi Şekeriň keşbini janlandyrdy.

1949-njy ýylda Ýolaman Hummaýew güýçli sowuklama keseline sezewar bolýar. Lukman ony barlap, “Bokurdagyňdaky mäzleri (glandlary)” aýyrmaly. Ýogsa olar içine iriň ýygnap, uzagyndan ýürege agram salar” diýip, keselhana ýerleşdirýärler. Şonda Ýolaman halypa mäzler aýrylanda sesiniň öňkiligine galjagy ýa galmajagy barada lukmandan soraýar. Lukmandan belli bir jogap alyp bilmänsoň ertir operasýa diýlen güni bejergiden ýüz dönderip, keselhanadan gaýdyp teatra gelýär.

1952-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ýolaman Hummaýew aradan çykdy.

Häzir halypanyň sungat ýoluny onuň gyzy Gözel Hummaýewa dowam edýär. Çalagykda teatrda önüp-ösen Gözel Hummaýewa ilki leningradyň Waganowa adyndaky ýörite horeografiýa mekdebinde tälim alýar we bu ýerde 9 ýyl okap, Aşgabada opera we balet teatryna gelip, öz ene-atasynyň sungat ýoluny dowam edýär. Soňra 1989-njy ýylda bolsa Sankt Peterburgyň N.A.Rimskiý-Korsakow adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň “Balet režissýory” kafedrasynyň “Balet öwnenijilik” hünärini tamamlaýar. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gözel Hummaýewa bu gün ussat halypa, baýry mugallym hökmünde tanalýar. Ol indi 65 ýyl bäri ýurdumyzyň balet sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşup gelýär. Gözel Hummaýewa häzir Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörüte orta sazçylyk mekdebinde zähmet çekip, ýaş tansçylary ýetişdurmekde öz zehinini gaýgyranok. Ýolaman Hummaýewiň inisi, Türkmenistanyň halk artisti Ata Ilamanow bolsa öz agasynyň kesbini dowam edip, ençeme ýyllaryň dowamynda opera teatrynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň opera eserlerinde ajaýyp keşpleri döretdi.

Ýurdumyzda ussadyň adyny ebedileşdirmekde birnäçe işler durmuşa geçirildi. Ýolaman Hummaýewiň ýaşan obasynda iň uly köçeleriň birine onuň ady dakyldy.

Mary welaýatyndaky ýörite sazçylyk mekdebi bolsa Ýolaman Hummaýew adyndaky Marynyň ýörite orta sazçylyk mekdebi diýip atlandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň