Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen aýnasynyň ilkinji tapgyry Ukraina eksport edildi

15:5508.11.2021
0
12667

Türkmenistanyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasynda öndürilen aýnalaryň ilkinji tapgyry Ukraina döwletine eksport edildi. Bu bolsa kärhananyň öz öndürýän önümlerini eksport edýän ýurtlarynyň sanyny barha artdyrýandygyna şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda çenki kärhanada öndürilen aýna önümleriniň birnäçe görnüşi Russiýa Federasiýasyn, Gazagystana, Täjigistana, Gyrgyzystana, Owganystana eksport etdi. BU ýurtlar bilen birnäçe şertnamalar esasynda uzak möhletleýin söwda gatnaşyklaryny alyp barýar. 2021-nji ýylyň dokuz aýynda «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasynda öndürilen önümleriň 700 müň inedördül metrden gowragy daşary ýurtlara eksport edildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ep-esli artykdyr. Bu bolsa kärhanada öndürilýän aýna önümlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly isleg bildirýändigine şaýatlyk edýär.

Belläp geçsek, «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasy 2018-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi. Kärhananyň kuwwatlylygy ýylda bir million inedördül metr aýna, 100 müň inedördül mert laminirlenen aýna, 400 müň aýnapaket we azyk hem-de derman senagaty üçin dürli ölçegdäki aýna gaplaryň 15 görnüşini çykarmaga mümkinçilik berýär. Kärhana

Germaniýanyň «HORN Glass Industries AG» kompaniýasynyň guran kärhanasynda «Clastone» (Finlýandiýa), «Buhler», «Zippe» (Germaniýa), «Lises» (Awstriýa), «Cnud» (Belgiýa), «Bottero» (Italiýa) ýaly kompaniýalaryň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň