Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna tabşyryklary berdi

23:3504.11.2021
0
8404

Şu gün geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň söwda toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde anyk wezipeleri goýdy.

Milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa ýüzlenip, daşarky söwdanyň seljermesiniň, umuman, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, eksportyň 23 göterim artandygyny görkezýändigini belledi.

Biziň önümlerimiziň eksporty ýangyç-energiýa serişdeleri hasaba alynmanda, 48 göterime golaý artdy. Bu erbet görkeziji däl diýip, milletiň Lideri belledi hem-de wise-premýer E.Orazgeldiýew bilen bilelikde bu ugurda entek köp işleriň amala aşyrylmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutany wise-premýere gurluşyk we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kiçi, orta we iri işewürlik kärhanalaryny döretmegiň maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyny çaltlandyrmagy, özümizde öndürip biljek önümlerimizi daşardan getirmegi bes etmegi tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti bu çäreleriň, ilkinji nobatda, täze iş orunlaryny döretmäge, kärhanalaryň we raýatlaryň iş üpjünçiligini öňki derejesinde saklamaga gönükdirilmelidigini aýtdy.

Milletiň Lideri wise-premýer Ç.Gylyjowa hem-de söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa ýüzlenip, ýurdumyzda giňden bellenýän Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Täze ýyl baýramynyň ýetip gelýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlaryna bolan islegleriň has-da artýandygyny göz öňünde tutup, içerki bazaryň üpjünçiligine, baýramçylyk söwdalaryna şu günlerden taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany hususy haryt öndürijileriň azyk önümlerini gündelik söwdada elýeterli bahalardan ilata ýetirmegiň wajypdygyny aýdyp, şu maksat bilen, söwda kärhanalarynyň öndüriji kärhanalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň möhümdigini nygtady.

Milletiň Lideri wise-premýer Ç.Gylyjowa we dokma senagaty ministri R.Rejebowa ýüzlenip, Babadaýhan etrabynda gurlan dokma toplumyny bellenen möhletinde ulanmaga bermek, düzümleýin desganyň açylyş dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany dokma kärhanalarynda önümleriň täze görnüşlerini köpräk öndürmegiň, olaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň we ugurlaryny giňeltmegiň wajypdygyny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine ünsi çekip, dünýä bazarlarynda harytlaryň bahalarynyň yzygiderli üýtgeýändigini belledi we şoňa görä-de, daşary ýurt biržalarynda harytlaryň birža bahalaryna gündelik gözegçilik etmegi ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady.

Milletiň Lideri ýurdumyzda öndürilýän harytlary birža söwdalarynda bäsleşik esasynda amatly ýerlemegiň, munuň üçin dünýä bazarynyň bahalaryna geçirilýän synlary we seljermeleri satyjy bolup çykyş edýän taraplara hem yzygiderli ýetirip durmagyň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýer Ç.Gylyjowa we Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýewe bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa dokalýan halylaryň we haly önümleriniň hilini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Döwlet Baştutany wise-premýer Ç.Gylyjowa hem-de Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejepowa ýurdumyzyň hususy eksport edijilerine daşary ýurt alyjylaryny tapmaga, olar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam bermek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň noýabr aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürleriniň maslahatyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysyna ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça edaranyň öňünde durýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany wise-premýer Ç.Gylyjowa hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe birnäçe anyk görkezmeleri berip, hususy taraplaryň maýa goýum taslamalaryny işjeň durmuşa geçirmek arkaly, oba hojalyk, azyk we senagat ugurly önümçilikleri giň gerim bilen döretmegiň wajypdygyny nygtady.

Şunuň bilen birlikde, milletiň Lideri hususy telekeçilere innowasiýalary ornaşdyrmakda, önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmekde goldaw bermegiň, olara öz önümlerini içerki we daşarky bazarlarda ýerlemekde, ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ýardam bermegiň wajypdygyny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa ýubileý ýylynda ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalaryň öz wagtynda, ýokary hilli gurlup, açylyşa taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany içerki bazarlaryň üpjünçiligini artdyrmak we söwda ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Milletiň Lideri hususy telekeçilere ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmakda, täze önümçilikleri döretmekde, olaryň daşary ýurt bazarlarynda tutýan orunlaryny pugtalandyrmakda we giňeltmekde döwlet tarapyndan mundan beýläk-de goldaw beriljekdigini nygtap, wise-premýere bu ugurda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow gyş möwsüminiň hem golaýlap gelýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli önümler bilen bolelin üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy, şonuň bilen birlikde, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol berilmeli däldigini nygtap, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň