Arhiw

Türkmenabatda ätiýaçlyk şaýlary ýasalýar

13:5104.11.2021
0
8870

Türkmenistanyň agrosenagat toplumy üçin dünýäniň belli kompaniýalaryndan satyn alynýan kuwwatly tehnikalaryň agrotehniki kadalara laýyklykda öndürijilikli işledilmegi oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Lebap welaýatynda daýhanlaryň esasy ýardamçylary bolan kuwwatly traktorlaryň, kombaýnlaryň, tirkeg gurallarynyň, ekijileriň bökdençsiz işlemeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenabadyň tejribe synag abatlaýyş zawodyna olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamaklyk işi ýola goýlupdyr. Bu ýerde plastikden, şeýle hem alýuminiý we çoýun metallaryndan eredip guýmak arkaly ýasalýan ätiýaçlyk şaýlary hiliniň ýokarylygy, durnuklylygy we ösümiň özüne düşýän gymmatynyň azlygy bilen tapawutlanýar.

2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň 10 aýynda manat hasabyndaky ösüş depgininiň 130-dan gowrak bolmagy kärhanada işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.
Oba hojalyk tehnikalary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň 200-den gowrak görnüşi ýasalýan bu kärhanada 50-den gowrak işçi zähmet çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň