«Lebapgazçykaryş» müdirliginde ýyllyk meýilnama 10 aýda berjaý edildi

01:5704.11.2021
0
818

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri tebigy gaz öndürmek baradaky ýyllyk meýilnamany möhletinden ep-esli öň üstünlikli berjaý etdiler.

Şonda gazylyp alnan «mawy ýangyç» 10 milliard 212,7 million kub metrden hem gowrak boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 145 göterime golaý ösüş depgininiň gazanylandygyndan habar berýär.

Şeýle guwandyryjy netijeler guýularyň önüm berijiligini artdyrmak, işlemän duran guýulary abatlamak arkaly gaýtadan işe girizmek, işgärleri yhlasly we ýokary netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrmak arkaly gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň