Türkmenistanda inçekesel barlagy üçin täze enjamlar oturdyldy

17:3703.11.2021
0
23422

Türkmenistanyň welaýatlaryndaky inçekesel hassahanalarynda awtomatiki umumy gan derňewi üçin enjamlar oturdyldy. Enjam bejerginiň dowamynda gana yzygiderli gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. BMGÖM-iň sosial mediada ýerleşdirilen maglumatyna görä, hassanyň doly we takyk derňewi almagy üçin diňe bir minut gerek bolar.

Bu enjam Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy tarapyndan «2024-nji ýyla çenli AIDS, inçekesel we gyzzyrma garşy göreşmek üçin Global gaznanyň goldawyndan Türkmenistanyň Milli inçekesel maksatnamasyna berilýän serişdeleri yzyna almak baradaky Grant şertnamasy» taslamasynyň çäginde oturdyldy. Ol Global gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Şeýle hem, geçen ýyl Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek üçin Global gaznadan grant alandygyny habar berdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň