Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy "Iýmitlenmek üçin Aýurweda" atly maslahat geçirdi

16:3503.11.2021
0
11740

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Iýmitlenmek üçin Aýurweda" atly maslahat gurady.

Aşgabatdaky ogaoga we adaty lukmançylyk merkeziniň Aýurweda hünärmeni Dineş Baruak, Aýurwedik düşünjesine esaslanýan sagdyn iýmitlenmegiň peýdalary barada çykyş etdi.

Netijede, gatnaşyjylara Aýurweda, sagdyn durmuş ýörelgesi we derman ösümlikleri barada gollanmalar berildi.

Ilçihananyň resmi web sahypasynda maglumat berlişine görä, bu maslahat Hindistanyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllygyny bellemek we Aýurwedanyň döredilmeginiň 6 ýyllygy mynasybetli geçirildi.

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary bilen hindi adaty lukmançylygyk ulgamyboýunça geçirilen ilkinji maslahat däldir. Belläp geçsek geçen ýyl Aýurwedanyň peýdalary barada onlaýn okuw sapagy hem geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň