Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň goraghanalaryndan guşlaryň we haýwanlaryň seýrek görnüşleri Gyzyl kitabyň täze neşirine giriziler

16:0603.11.2021
0
17723

Türkmenistanda Gyzyl kitabyň dördünji neşiri taýýarlanýar. Alymlar gorag kitabynyň maglumatlaryny täzelemek üçin ýurduň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň täsin görnüşleri barada maglumatlary ýygnaýarlar.

Türkmenistanda dokuz sany tebigat goraghanasy bar. Häzirki wagtda goraghanalarda gyşa taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Haýwanlaryň we guşlaryň gyşy howpsuz geçirmegi üçin hünärmenler degişli işleri alyp barýarlar.

«Goraghananyň esasy wezipesi, esasanam Sünt-Hasardag goraghanasynyň ýerleşýän günorta-günbataryndaky Köpetdagda haýwanlaryň we ösümlikleriň dürli görnüşlerini goramak we hemmetaraplaýyn öwrenmek işleri alnyp barylýar. Alymlar üçin kynçylyk, goralýan ýeriň ösümlik we haýwanat dünýäsini doly öwrenmek üçin aýaklary bilen geçip bolmaýan ýerlere barmaly bolýarlar"diýip, Sünt-Hasardag goraghanasynyň bölüm müdiri Çaryýar Tagiýew Mir24 teleýaýlymyna beren gürrüňinde belläp geçýär.

Sünt-Hasardagda sowuk howa başlamazdan ozal goraghanada dürli haýwanlaryň hereketi sebäpli surat enjamlary ýerleşdirilýär. Bu ýerde möjekler, ýabany pişikler, ýabany doňuzlar, gaplaňlar we başga-da birnäçe jandarlar ýaşaýar. Raýatlar üçin goraghananyň girelgesi ýapyk, ol ýere diňe döwlet gözegçileri girip bilýärler. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda işlenilýän Gyzyl kitabyň dördünji neşiri bu goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşini öz içine alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň