Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi

22:0002.11.2021
0
4096

2-nji noýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirilip, onda «Köpetdag» «Nebitçi» bilen «Aşgabat» bolsa «Merw» bilen güýç synanyşdylar.

«Nisa» stadionynda geçirilen duşuşykda «Aşgabat» topary möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. Türkmen paýtagtynyň adybir topary garşydaşyndan 3:1 hasabynda üstün çykmagy başardy. «Köpetdag» bilen «Nebitçiniň» arasyndaky duşuşykda hasap açylmady.

Häzirki wagta çenli geçirilen duşuşyklardan soň «Ahal», «Şagadam» hem-de «Altyn asyr» toparlary ýaryş tertibiniň öňdäki orunlaryny eýeleýärler.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary 8-nji noýabrda geçiriler: «Ahal» — «Şagadam», «Energetik» — «Merw», «Nebitçi» — «Aşgabat», «Altyn asyr» — «Köpetdag» bilen duşuşarlar.

3-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

«Köpetdag» — «Nebitçi» — 0:0

Duýduryşlar: 9 Ýazgylyç Gurbanow («Köpetdag») — 33 Serdar Annaorazow («Nebitçi»)

Meýdandan çykarylan: 41 Serdar Annaorazow («Nebitçi»)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş), A.Jumamyradow (Aşgabat ş)

Ätiýaçdaky emin: A.Jumaýew (Aşgabat ş)

Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş)

Duşuşygyň komissary: G.Kanaýew (Aşgabat ş)

«Aşgabat» — «Merw» — 3:1

Gollar: 12 Döwran Hojamämmedow, 28 ŞatlykGurbanow, 90 Toýmämmet Sähetmämmedow («Aşgabat») — 9 (11 m.j.u.) Begenç Allamow («Merw»)

Duýduryşlar: 7 Azady Annadurdyýew («Aşgabat») — 29 Amangeldi Saparow («Merw»)

Meýdandan çykarylan: 31 Döwlet Mirsultanow («Merw»)

Geçirilen ýeri: «Nisa» stadiony (Aşgabat ş)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş), A.Gurbanow (Aşgabat ş)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş)

Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň