Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatly suratkeş gurjaklar üçin täsin öýjagazlary ýasaýar

13:0702.11.2021
1
25869

«Theepochtimes.com»-yň habaryna görä, Aşgabatly suratkeş Olga Mokritskaýa mebel we gündelik durmuşyň oýlanyşykly jikme-jiklikleri bilen kiçi interýer döredýär.

Onuň döreden işleri gurjaklara niýetlenen öýjagazlardyr. Olganyň özi hem çagalygynda gurjaklar bilen oýnamagy halaýardy. Ol çagalygyny ýakym bilen ýatlaýar.

Ol bir ýantorbadan gurjagyň öýüni ýasamak üçin iki hepde wagt sarp edýär.

Olganyň eserlerine diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär; miniatýuralaryndan habarlylar onuň işine haýran galýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň