Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda iki sany täze awtobus ugry ýola goýuldy

18:1301.11.2021
0
18150

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň resmi web saýtynda bellenilişine görä, 1-nji noýabrdan Aşgabat şäherinde 75 we 80 belgili iki sany täze awtobus gatnawy ýola goýuldy.

  • 75-nji belgili awtobus Teke bazar — Büzmeýin ugry boýunça hereket edýär. Awtobus “Teke bazar” başlangyç nokadyndan ugrap, soňra Ata Gowşudow köçesi — Magtymguly şaýoly — A.Annaýew köçesi — Gurbansoltan eje şaýoly boýunça hereket edip Senagat köçesi bilen ahyrky nokadyna barýar. Ahyrky bellige alyş nokadyndan yzyna gaýdanda bolsa awtobus Büzmeýin awtobus duralgasyndan ugur alyp, Senagat köçesi — Gurbansoltan eje şaýoly — A.Anaýýew köçesi — Magtymguly şaýoly — Atamyrat Nyýazow şaýoly — Mäti Kösäýew köçesi bilen hem Teke bazardaky soňky duralgasyna gaýdyp gelýär.
  • 80-nji belgili awtobus Teke bazar — Büzmeýin ugry boýunça hereket edýär. Awtobus Teke bazardaky duralgasyndan ýola düşüp, soň bolsa Mahmyt Kaşgarly köçesi — Döwletmämmet Azady köçesi — Görogly köçesi — Büzmeýin şaýoly bilen Senagat köçesine, ondan hem birtaraplaýyn ahyrky nokady Büzmeýin duralgasyna gelýär. Yzyna gaýdanda bolsa Büzmeýin awtobus duralgasyndan ýola düşüp, Senagat köçesi — Büzmeýin şaýoly — Görogly köçesi — Atamyrat Nyýazow şaýoly — Mäti Kösäýew köçesi ýaly ugur bilen hereket edip, ahyrynda Teke bazardaky soňky bellige alyş nokadyna dolanýar.

Ýatlap geçsek, 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Büzmeýin duralgasynyň ýerleşýän ýeri üýtgedilip, Büzmeýin ýaşaýyş jaý toplumynyň Senagat köçesindäki bellige alyş nokadyna göçürildi.

  • Türkmenistanyň paýtagtynda ilatyň jemgyýetçilik ulaglarynda isleglerini kanagatlandyrmak üçin 15, 46, 66, 75, 76, 77, 85, 86 ýaly birnäçe täze awtobus ýolunyň açylandygyny habar beripdik. Olaryň hatarynda 87, 88, 102, 103, 110, 114, 128, 129, 160 we beýleki belgili awtobuslary belläp geçmek bolar.

Maglumat almak üçin telefon belgileri: +99312443390; +99312443391; +99312443359; +99312443340.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň