Soňky habarlar

Arhiw

Italiýada 1226 kilogram agramy bolan kädi ösdürilip ýetişdirildi

22:0931.10.2021
0
7513

Italiýaly fermer dünýäde iň äpet kädini ösdürip ýetişdirdi, onuň agramy 1226 kilograma deň boldy. Bu barada Italiýanyň «Lo Zuccone» neşiriniň täzeliklerine salgylanyp, «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.

Italiýanyň Peççoli diýen ýerinde geçen «Festa dello Zuccone» atly oba hojalyk önümleriniň festiwalynda ýerli daýhan Stefano Kutrupi «pälwan» kädini jemagata görkezdi. «Onuň ýetişdiren bakja önüminden müňlerçe kädili gutap taýýarlap boljak» diýip, ýerli adamlar degişýärler.

Şunlukda, Kutrupi 2016-njy ýylda agramy 1190 kilogramlyk kädi ýetişdiren belgiýaly daýhan Matias Willemeýnsiň rekordyny täzelemegi başardy.

Festiwalda italiýaly fermer 3 müň ýewro möçberinde pul sylagyna mynasyp boldy. Bu kädiniň her bir kilogramy üçin 2 ýewro sylag berildigi diýildigidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň