Soňky habarlar

Arhiw

Bilermenler Z nesliniň internete bagly bolmak howpunyň ýokarydygyny belleýärler

14:3531.10.2021
0
3514

“Jemgyýetçilik pikiriniň monitoringi: Ykdysady we sosial özgeriş” žurnalynda çap edilen maglumatlarda aýdylyşyna görä, dünýäde barha köp adam smartfona bagly bolmak endiginden ejir çekýär, “fabbing” bolsa ýaşlaryň arasynda adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Ýokary Ykdysadyýet mekdebiniň, Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň we Kostromskiý döwlet uniwersitetiniň alymlary soňky 10 ýylyň dowamyndaky internete baglylyk we “fabbing” baradaky ylmy maglumatlary seljerip, bu endikleriň şahsyýetiň özara täsirinde ýaramaz netijelere sebäp bolýandygyny, düşünjesine zyýan ýetirýändigini bellediler. Hünärmenleriň pikiriçe, “Kommunikatorlar özara gatnaşyklardan az kanagatlanýarlar, beýle aragatnaşykda ýoldaşlaryna az ynanýarlar, olary ýakyn adamlary hökmünde duýup bilmeýärler, gabanýarlar we ruhdan düşýärler”.

Mysal üçin, Russiýanyň Sosiologlar jemgyýetiniň Kostromskidäki sebitleýin bölümi tarapyndan 2019-njy ýylyň güýzünde 17-29 ýaş aralygyndaky 525 adamyň gatnaşmagynda geçirilen pikir soraşmanyň netijelerine laýyklykda, soraga gatnaşanlaryň 25% -inden gowragynda habarlaşanda telefonyny gözden geçirmek endigi bar. Takmynan, 20%-i bolsa öz telefonyndan peýdalananda beýlekileriň halamaýandygyny aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň 75% -i telefonyň elmydama elindedigini bellediler, olaryň 56-sy bolsa irden turandan soň barlaýandygyny aýtdy. Pikir soraşma gatnaşanlaryň 33% -i telefonsyz özlerini ukypsyz hasaplaýarlar.

Şundan ugur alyp, alymlar Z nesliniň (takmynan, 1997-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli doglanlar) ýaşlykdan internete bagly bolmak endigi howpy has ýokary diýen netijä geldiler – diýip, naked-science.ru neşiri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň