«Ahalyň» kapitany Elman Tagaýew Ýokary liganyň şu möwsüminde üç duşuşykda dört gezek tapawutlanyp, iň netijeli futbolçylaryň sanawynda birinji orna geçdi.
Onuň toparynyň «Altyn asyr» bilen geçiren we 3:1 hasabynda ýeňiş gazanan duşuşygynda iki gezek tapawutlanandygyny ýatladýarys.
Umuman, Elman Tagaýew henize çenli «Ahalyň» Ýokary liganyň şu möwsümindäki hiç bir duşuşygyny hem boş geçirenok. Ol möwsümdäki dört pökginiň diňe birini 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.
2-nji tapgyrdan soň möwsümde 17 futbolçynyň tapawutlanandygyny hem habar berýäris.