Soňky habarlar

Arhiw

“Şypaly Çomuç” dermanhanasy onlaýn maslahat hyzmatyny hödürleýär

10:3230.10.2021
0
3952

“Şypaly Çomuç” dermanhanasynda hödürlenýän hyzmatlaryň giň toplumyna onuň web saýtynda hünärmeniň tölegsiz onlaýn maslahaty girizildi.

Maslahatçy hünärmeniň gözükdirmelerini, maslahatlaryny almak üçin dermanhananyň internet saýtyna girmeli, soňra baş sahypadan “Onlaýn dermanhana” bölümini saýlap, müşderi sag tarapyň aşaky burçunda ýerleşdirilen “Onlaýn geňeşçi” ýazgysyny saýlamaly. Şol düwmä basmak bilen sahypa girýänler hasaba alynmak üçin teklip alarlar, şondan soň bolsa tejribeli farmasewtiň onlaýn maslahatyndan peýdalanyp bilerler.

“Şypaly Çomuç” dermanhanasynyň eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri sertifikatly dürli dermanlary we lukmançylyk önümleri bilen üpjün edýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň