Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa kubogy — 2022-niň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy

22:5528.10.2021
0
16852

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygynda Palestinanyň ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Oýun başlandan Türkmenistanyň milli ýygyndysy işjeň hereket edip, hüjümler edip başlaýar. Ýöne oýnuň ilkinji 15 minudynda hiç hili üýtgeşme bolmady. Ýöne 18-nji minutda Şamämmet Hydyrowyň tagallasy bilen milli ýygyndymyz oýnuň birinji ýarymynda garşydaşlarynyň derwezesine 1 goly gönükdirmegi başardy.

Arakesmeden soň oýnuň ikinji ýarymy has-da güýçlendi. Palestinaly oýunçy Bader Musa 47-nji minutda hasaby deňlemegi başardy. Türkmenistanyň ýygyndysy 64-nji minutda hasaby artdyrmagy başardy. Şamämmet Hydyrowyň uzak aralykda derwezä gönükdiren topy Palestina toparynyň derwezebany Ahmet Muhammedi haýran galdyrdy. 88-nji minutdan milli ýygyndymyzyň oýunçysy Welmyrat Ballakow topary ynamly öňe çykarmagy başardy.

Gazanan bu ýeňşinden soň 3 utuk toplan Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy saýlama tapgyrynyň «F» toparçasynda ikinji basgançagy eýeleýär. Bu toparçada öňdäki orny 3 utugy bolan Iordaniýanyň ýaşlar ýygyndysynyň eýeleýändigini ýatladýarys. Iordaniýanyň ýygyndysy birinji tapgyrda futbolçylarymyzdan 1:0 hasabynda üstün çykandygy sebäpli ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

Saýlama tapgyrynyň «F» toparçasyndaky jemleýji duşuşykda Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň ýaşlar ýygyndylary duşuşarlar. Bu ýygyndylaryň arasyndaky duşuşyk 31-nji oktýabrda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň 1 — 19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda ýaşlar ýygyndy toparlarynyň (U23) gatnaşmagynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final böleginde saýlama tapgyrlaryndaky toparçalaryň 11-siniň ýeňijileri bilen ikinji orny eýelän ýygyndylaryň dördüsi çykyş etmäge hukuk gazanarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň