Türkmen wekiliýeti Owganystanyň goňşy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

22:0027.10.2021
0
7774

2021-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde Owganystanyň goňşy döwletleriniň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi.

Nobatdaky gepleşiklere Özbegistanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary, şeýle-de Russiýanyň we Hytaýyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistana wekilçilik etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Diplomatlar Owganystanda milli toparlaryň ählisiniň gatnaşmagynda inklýuziw hökümetiniň döredilmeginde taraplaryň özara goldaw bermeklige gönükdirilen tagallalarynyň ulgaşdyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns berdiler.

Owgan toparynda abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi hem-de ýurduň sebit ähmiýetli iri göwrümli ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky taslamalara işjeň çekilmeginiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy nobatdaky duşuşygyň esasy mowzuklarynyň hatarynda boldy.

Türkmenistan Owganystan boýunça geçirilýän köptaraplaýyn gepleşiklere yzygiderli gatnaşýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-nji mejlisinde eden çykyşynda nygtaýşy ýaly,

Türkmenistan Owganystan bilen gatnaşyklaryny ösdürip, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni ösüşiniň umumylygyny hemişe bu gatnaşyklaryň esasynda goýýar.

Nobatdaky duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň Owganystanda parahatçylygyň, ylalaşygyň hem-de bitewüligiň tizden-tiz berkarar bolmagy üçin degişli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, zerur şertleriň döredilmegine goňşy we bitarap döwlet hökmünde goldaw bermäge taýýardygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň