Arhiw

Medwedew dünýäde energiýanyň sarp edilişiniň artjakdygyny çaklaýar

12:2628.10.2021
0
717

Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew ýene 15-20 ýyldan dünýäde energiýanyň sarp edilişiniň 30 göterim artjakdygyny nygtady. «Häzirki wagtda energetika pudagynyň kämilleşdirilmegi has wajyp bolup durýar: çaklamalara görä, ýene 15-20 ýyldan dünýäde energiýanyň sarp edilişi 30 göterim ýokarlanar” diýen Medwedewiň sözlerini RIAnowosti getirýär.

Ol energiýa bazarynda geljekde sazlaşyklylygy gazanmagyň häzirki wagtda kabul ediljek çözgütlere bagly boljakdygyny sözüniň üstüne goşdy. Medwedew şunda pes uglerodly energetika geçmegiň hem wajypdygyny aýtdy.

Öň RF-niň Prezidenti Wladimir Putin ýurduň 2060-njy ýyla çenli uglerod bitaraplygyna ýetmek boýunça maksatnamasy barada aýdypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň