Türkmen teleýaýlymlarynyň «Watan» habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Geňeş» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Ferhar» hojalyk jemgyýeti ilkinji gezek synag hökmünde papaýa ösümligini ösdürip ýetişdirdi.
Häzirki wagtda bu ösümligiň özüniň ilkinji hasyllaryny görkezip başlamagy hem ýyladyşhana işgärleriniň çeken asylly zähmetleriniň ýerine düşendiginden habar berýär. Tejribeli hünärmenler ýurdumyzyň toprak we howa şertlerine durnukly bolan papaýa ösümliginiň düýp sanyny geljekde has-da artdyrmagy meýilleşdirýärler.
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Geňeş» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Ferhar» hojalyk jemgyýetinde papaýa ýaly täsin (ekzotik) miweler üçin ýörite, uly göwrümli ýyladyşhana guruldy. Uly göwrümli bu ýyladyşhana hojalygy ýokary hili howa alyş-çalyş enjamlary, damjalaýyn, ýagyş we ümür görnüşli suwaryş hem-de ýylylyk ulgamlary bilen üpjün edilendir.
Papaýa ösümligi 5 metre çenli ulalýar. Ýylylyk, ýagtylyk we çyglylyk – bu täsin (ekzotik) ösümligiň rahat ösmegi üçin esasy maddalar bolup durýar.
Papaýa miwesini islendik görnüşde, hususan-da işdäaçarlara goşup ýa-da diňe desert (naharyň soňundan iýlip-içilýän miwe ýa-da süýji zat) hökmünde garbanmaklyk üçin ulanmaklyk örän peýdalydyr. Bişen papaýa miweleri fruktoza, glýukoza, E, D, A we C witaminleriniň çeşmesidir.
«Ferhar» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda banan pudagyny açan ilkinji hususy kärhanadyr. Öz işlerini Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Geňeş» daýhan birleşiginiň çäginde alyp barýan bu hojalyk jemgyýeti 2017-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri banan ýetişdirmeklik bilen meşgullanýar. «Ferhar» hojalyk jemgyýetinde bananyň ilkinji hasyly 2019-njy ýylyň mart aýynda alyndy. Häzirki wagtda bu hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda 2 müň töweregi banan nahallary bar