Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky derwezeçisi «Rostowyň» baş tälimçisi boldy

23:5526.10.2021
0
6142

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky derwezeçisi Witaliý Kafanow «Rostow» toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi.

Ozalky baş tälimçi Ýuriý Semin topardan aýrylansoň, «Rostowa» wagtlaýyn Zaur Tedeýew tälim beripdi. Häzir täze baş täimçiniň bellenilmegi bilen, ol toparda uly tälimçi wezipesinde galar.

«Rostow» häzir Russiýanyň çempionatynda 12 oýundan soň 12 utuk bilen 12-nji orny eýeleýär.

Witaliý Kafanowyň bu toparda, 2015 ― 2017-nji ýyllaryň aralygynda we 2019-njy ýylda derwezeçileriň tälimçisi bolup işländigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň