Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2024-nji ýyl «Magymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan ediler

00:1227.10.2021
0
1784

26-njy oktýabrda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Türkmen Lideriniň toplumyň gurluşygy bilen tanyşlygynyň barşynda belleýşi ýaly, 2024-nji ýylda türkmen halkynyň dünýä meşhur akyldar şahyrynyň 300 ýyllyk dabarasy giňden belleniler. Bu ýerde gurlan toplumyň geljek ýylda açylmagy bolsa dünýä nusgalyk eserleri döreden şahyryň hormatyna guraljak giň möçberli dabaralara özboluşly badalga bolar. Şeýle hem 2024-nji ýyly «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan ederis. Munuň özi beýik şahyra goýulýan hormatyň nyşanyna öwrüler diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistanda 2014-nji ýylda hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň