Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi

09:5427.10.2021
0
2038
Berdimuhamedow «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi gözel paýtagtymyzda ýigrimi altynjy gezek geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Watanymyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin.

Hormatly myhmanlar!

Eziz watandaşlar!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň her bir güni taryhy ähmiýetli şanly wakalara, ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäde ösen döwletleriň derejesinde ykrar edilen Türkmenistan bedew batly ösüşleri bilen ynamly öňe barýar.

Türkmenistan bu taryhy ýylda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny üstünliklere, şanly wakalara besläp garşy aldy. Taryhy üstünliklere beslenen geçen ýyllarda merdana halkymyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyryp, döwletimiziň mizemez binýadyny berkitmek arkaly döretmäge, gurmaga, Garaşsyzlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ukyply halkdygyny bütin dünýä äşgär etdi.

Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlary bilen dünýä jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmak we bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak üçin her ýyl geçirilýän halkara maslahatyň energiýa serişdelerini gözläp tapmakda, özleşdirmekde we pudagyň işiniň halkara ülňülere laýyk gelmeginde ähmiýeti uludyr.

Nebitgaz senagatyny ösdürmek Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Döwletimiziň amala aşyrýan energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini halkymyzyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler öz oňyn netijesini berýär.

Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu serişdeleri daşary ýurtlara ibermegiň durnukly halkara ulgamlaryny döretmegiň tarapdarydyr. Eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek Garaşsyz döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýar.

Biziň ýurdumyz ösüş strategiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen amala aşyrýar. Netijede, biz soňky ýyllarda hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gündogar we günorta ugurlarda birnäçe iri turba geçirijileri gurmak boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdik. Olaryň strategik ähmiýeti bütin dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekden, türkmen energiýa serişdelerini ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmekden ybaratdyr.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy sebitde durnukly ösüşi we parahatçylygy berkitmäge kuwwatly itergi berer, ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine oňyn täsirini ýetirer.

Ýurdumyzda alnyp barylýan nebitgaz syýasaty netijesinde gurulýan gaz geçirijiler, üstaşyr ulag geçelgeleri sebitde energiýa serişdeleriniň iberilmegine, ösüş arkaly parahatçylygy gazanmak ýaly maksatlarymyzyň durmuşa geçirilmegine pugta esas döredýär.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän dürli nebit we gaz önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak babatda köp işler amala aşyrylýar.

Biz soňky ýyllarda nebithimiýa we gazhimiýa pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Bu ugry ösdürmek, döwletimiziň baý uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak hem-de energiýa serişdeleriniň gaýtadan işlenilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak döwletimiziň energetika strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Men bu barada «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabymda hem giňişleýin beýan etdim.

Hormatly adamlar!

Siziň ähliňizi «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de eziz Diýarymyzyň kuwwatly pudagy bolan nebitgaz senagatyny has-da ösdürmek, dünýä derejesine çykarmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň