Soňky habarlar

Arhiw

Tokaýew Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhetýaka söwdanyň Ýörite zolagyny döretmegi teklip edýär

21:4025.10.2021
0
7272

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew türkmen kärdeşi bilen geçirilen gepleşiklerden soň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesinde özara söwda-ykdysady kuwwaty hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek üçin Gazagystan her ýyl sebitara forumlary geçirmegi teklip etdi, çünki bu usul özüniň netijeliligini görkezdi diýip belledi.

Degişli işiň netijeleri boýunça Mangistau hem-de Balkan welaýatlarynda awtoulag ýük terminaly bolan serhetýaka söwdanyň Ýörite zolagyny döredip bolardy. Belent mertebeli myhman beýan edilen pikir babatda iki ýurduň Hökümetleri tarapyndan bu mümkinçilige garamaga degişli pikirini aýtdy.

Uly kuwwata eýe bolan üstaşyr ulag ulgamy hem ikitaraplaýyn gepleşikleriň wajyp meselesi boldy. Bu ugurda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran magistralyny doly güýjünde ulanmak esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem ýurtlaryň ikisinde-de ýük daşalyşynyň mukdaryny artdyrmagy höweslendirmek üçin nyrh syýasaty babatda amatly ýagdaýy döretmegiň, ýük daşamagyň şertlerini gowulandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Hazardaky Aktau, Kuryk we Türkmenbaşy deňiz menzilleriniň arasynda logistik hyzmatdaşlyk boýunça hem giň mümkinçilikler bar. Awtoýol kommunikasiýalarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhümdigini belläp, gazak tarapy milli Liderimiziň Gazagystan ugry boýunça täze awtoýoly ulanmaga bermek üçin Garabogaz aýlagynyň üstünden köpri gurmak baradaky başlangyjyny goldady hem-de bu geljegi uly taslamany bilelikde durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň