Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär

23:3622.10.2021
0
2106
Türkmenistanda Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanyna ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu iri möçberli taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, zerur enjamlar, serişdeler hem-de ulag tehnikalary satyn alyndy.

Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijini çekmek boýunça işler ýurdumyzyň energogurluşykçylarynyň güýji bilen amala aşyryldy. Täze elektrik geçirijiniň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli dabarany ýokary derejede guramak maksady bilen, çäreleriň degişli meýilnamasy düzüldi.

Ýurdumyzyň iki welaýatyny baglanyşdyran ýokary woltly täze elektrik geçiriji içerki sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak bilen birlikde, daşary ýurtlara eksporta ugradylýan elektrik energiýanyň mukdaryny artdyrmak üçin hem tehniki mümkinçilikleri döreder.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esaslaryny pugtalandyrmakda uly ähmiýet berilýän ýurdumyzyň elektroenergetikasynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamanyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Ýokary woltly täze asma elektrik geçirijiniň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli geçiriljek dabara ägirt uly taslamanyň birinji tapgyrynyň amala aşyrylandygyny alamatlandyrýar, şol taslamanyň esasy maksady elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de welaýatlaryň we Aşgabadyň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmekden ybaratdyr diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow görülýän çäreleriň şäherleriň we obalaryň energiýa bilen üpjün edilişiniň hilini gowulandyrmaga, öňde duran durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň wajyp wezipelerini çözmäge hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny giňeltmäge hyzmat etjekdigini nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmek barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň