Dewisiň kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň nobatdaky garşydaşy belli boldy

09:0023.10.2021
0
7666

Dewisiň kubogynyň pleý-off tapgyrynyň oýunlarynda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparçasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň milli ýygyndysy türkmen tennisçileri bilen bäsleşer. Bu netije bije çekilişikden soň belli boldy.

Duşuşyk 23-nji oktýabrda Bahreýn tennis federasiýasynyň Madinat Isa şäherindäki kortlarynda geçiriler.

BAE-niň milli ýygyndysy dünýä boýunça tennis reýtinginde 115-nji orunda, Türkmenistanyň toparyndan bir basgançak ýokarda durýar.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň milli ýygyndysy B toparçada 1-nji orny ynamly eýeläp, ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykdy, beýleki toparçalardan Saud Arabystanyň milli ýygyndy topary (A, 1-nji orun), BAE (A, 2-nji orun), Eýran (C, 1-nji orun), Kamboja (C, 2-nji orun) we Yrak (B, 2-nji orun) ýaly netijeleri görkezip tapawutlandylar.

Şunuň bilen birlikde pleý-off tapgyrynyň netijelerinden soň tapawutlanan ilkinji üç topar geljekki ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparçasynda oýnamaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň