Arhiw

«Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň XX mejlisi geçirildi

22:4821.10.2021
0
2598
«Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň XX mejlisi geçirildi

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň XX mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli hünär ugurlarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek baradaky meseleler girizildi.

Türkmen tarapynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyndan ybaratdyr. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda ep-esli işjeňleşdirildi. ÝB bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň, parlamentara gatnaşyklaryň, adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşme duşuşyklarynyň çäklerinde hem-de hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri boýunça işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi bellenildi. Özara gyzyklanma döredýän şol gatnaşyklaryň ugurlary köpdürlidir.

Türkmenistandaky we ÝB-däki makroykdysady ýagdaýlar aýratyn gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar bilelikdäki işiň netijelerini seljerip, pandemiýa garşy hereket etmek hem-de onuň ykdysadyýete ýaramaz täsirini ýeňip geçmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda energetika, ulag ulgamlarynda we söwdada hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemek duşuşygyň aýratyn meselesi boldy. Şu maksat bilen taraplar tehnologiýa we maglumat serişdelerini alyşmak barada ylalaşdylar.

Sanlylaşdyrma baradaky meselelere aýratyn üns berildi. Munuň özi Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän ösüşlere beslenen özgertmelerden hem-de ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak boýunça giň gerimli meýilnamalardan ugur alýar. Şol özgertmeler döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynyň işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň