Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Dewisiň kubogynyň sebitleýin ýaryşynda pleý-offa çykdy

18:3420.10.2021
0
7826

Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysy Dewisiň kubogynyň Aziýa we Okeaniýa sebiti boýunça geçirilýän IV zolagynda üstünlikli çykuş edýär. Bahreýniň Madinat-Isa şäherinde geçirilýän halkara ýaryşda iki duşuşygynda hem ýeňiş gazanan ildeşlerimiz pleý-off tapgyryna çykdylar.

Ýeri gelende aýtsak, sebitleýin ýaryşa 12 ýygyndy gatnaşýar. Olar öz aralarynda üç toparça bölündiler. Biziň milli ýygyndymyz Yragyň, Omanyň we Mongoliýanyň tennisçileri bilen bilelikde «B» toparça wekilçilik edýär. Ilkinji iki duşuşygynda ýeňiş gazanan türkmen tennisçileri bu netije bilen ýaryşyň pleý-off tapgyryna wagtyndan ozal çykdylar.

Dewisiň kubogyndaky ilkinji duşuşygynda Yragyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňen türkmen tennisçileri edil şeýle hasap bilen mongoliýaly garşydaşlaryndan hem üstün çykdylar. Mirali Gasanowyň şägirtleri dünýä reýtinginde 129-njy orny eýeleýän Mongoliýanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşyga turuwbaşdan üstünlikli başlady. Duşuşyk üç oýundan ybarat boldy. Ilkinji oýunda ildeşimiz Ýuriý Rogusskiý Hatansuih Batbaýary 6:1, 6:1 hasabynda ýeňdi. Ikinji oýunda başga bir ildeşimiz Isa Mämmetgulyýew Suhbaatar Puntsagany has uly hasap ― 6:0, 6:0 hasaby bilen ýeňlişe sezewar etdi. Üçünji oýun jübütleýin görnüşde geçirildi. Bu gezek Ýuriý Rogusskiý bilen Isa Mämmetgulyýew Mongoliýanyň ýygyndysynyň Oýunboldu Baatar ― Hatansuih Batbaýar jübütini 6:0, 6:2 hasabynda ýeňdi.

Biziň ildeşlerimiz toparçalaýyn tapgyryň jemleýji duşuşygyny şu gün Omanyň ýygyndysy bilen geçirer. Ýöne bu duşuşygyň netijesinde garamazdan, ildeşlerimiz eýýäm ýaryşyň pleý-off tapgyrynda.

Dewisiň kubogynyň Aziýa ― Okeaniýa sebitinde Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Eýranyň we Kambojanyň ýygyndylarynyň hem pleý-offa çykandygyny habar berýäris. Indiki tapgyra geçjek ýygyndylaryň doly sanawy toparçalaýyn duşuşyklar tamamlanansoň belli bolar. Pleý-offuň iň gowy üç ýygyndysy ýaryşyň geljek ýyl geçiriljek indiki tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň