Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça kubogy ugrundaky ýaryşa 8 topar gatnaşar

23:5019.10.2021
0
3080
Türkmenistanyň futbol boýunça kubogy ugrundaky ýaryşa 8 topar gatnaşar

Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň metbugat gullugynyň ýetirýän habaryna görä, ýakynda badalga aljak Türkmenistanyň futbol boýunça kubogyny almak ugrundaky ýaryşa 8 topar gatnaşar.

Türkmenistanyň futbol boýunça kubogynyň 2021-nji ýylky möwsüminde ýurduň ýokary ligasynda çykyş edýän “Altyn Asyr”, “Ahal”, “Aşgabat”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Merw”, “Energetik” we “Köpetdag” futbol toparlary öz aralarynda naýbaşy baýrak üçin güýç synaşarlar.

Türkmenistan kubogynyň 2021-nji ýylky möwsümi çärýek final tapgyryndan başlaýar. Şu gün Türkmenistan kubogynyň çärýek finalyndaky duşuşyklaryň tertibini anyklamak maksady bilen, TFF-nyň mejlisler zalynda toparçalaryň bije çekilişigi geçirildi. Ýaryşyň bu tapgyrynyň duşuşyklary 5-nji noýabrda geçiriler. Indiki tapgyra geçjek ýeňijiler geçiriljek ýeke-täk kesgitleýji duşuşygyň esasynda kesgitlener.

Kubok ýaryşynyň ýarym final duşuşyklary 2021-nji ýylyň 7-nji dekabrynda, final duşuşygy bolsa 22-nji dekabrda bolar.

Bu ugurda kubok ýaryşynyň geçenki möwsüminde Aşgabadyň “Altyn Asyr” futbol topary ýeňiji boldy. Final tapgyrda paýtagtyň topary jerime urgulary boýunça “Köpetdag” toparyny ýeňmegi başardy (Esasy wagtyň hasaby 1:1, jerime urgularynyň hasaby 3:0).

Ozal TFF Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 2021-nji ýylky möwsüminiň senenamasyny yglan edipdi.

Türkmenistanyň futbol boýunça kubogy ugrundaky ýaryşyň 2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda geçiriljek duşuşyklarynyň tertibi:

“Nebitçi” – “Altyn Asyr”;
“Aşgabat” – “Ahal”;
“Merw” – “Şagadam”;
“Energetik” – “Köpetdag”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň