Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminde çempionlyk üçin sekiz topar göreşer

18:1519.10.2021
0
4154

Türkmenistanyň futbol federasiýasy 29-njy milli futbol çempionatymyzyň duşuşyklarynyň 20-nji oktýabrda başlanjakdygyny habar berdi.

Şol gün 5-nji tapgyryň wagyndan ozal geçiriljek «Aşgabat» ― «Altyn asyr» we «Köpetdag» ― «Ahal» duşuşyklary bilen täze möwsümiň perdesi açylar.

Eýýäm soňky birnäçe möwsümde bolşy ýaly, Ýokary liganyň täze möwsüminde hem sekiz topar çempionlyk üçin bäsleşer. Ine, olar:

1. «Altyn asyr» ― Aşgabat şäheri;

2. «Ahal» ― Änew şäheri;

3. «Aşgabat» ― Aşgabat şäheri;

4. «Köpetdag» ― Aşgabat şäheri;

5. «Şagadam» ― Türkmenbaşy şäheri;

6. «Nebitçi» ― Balkanabat şäheri;

7. «Energetik» ― Mary welaýatynyň Türkmenbaşy şäherçesi;

8. «Merw» ― Mary şäheri.

Türkmenistanyň çempionyna 2022-njii ýylda halkara ýaryşlarda ýurdumyza wekilçilik etmäge hukuk berler. Geçen möwsümlerden tapawutlylykda täze möwsüm iki aýlawdan ybarat bolar. Ol 19-njy dekabrda geçiriljek 14-nji tapgyryň duşuşyklary bilen tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň