Gresiýada Olimpiýa oýunlary – 2022-niň alawy ýakyldy

23:0718.10.2021
0
4483

2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy b.e.öň sekizinji asyrda, Olimpiýa oýunlarynyň dörän ýeri bolan Gresiýanyň Gadymy Olimpiýasynda ýakyldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Däp boýunça, alaw Geranyň gadymy ybadathanasynda parabolik aýnanyň kömegi bilen Gün şöhlelerinden ýakyldy. “Ýokary ruhany” Apollona şöhle iberip, Olimpiadanyň alawyny ýakmagy we Zewse oýunlaryň ýeňijilerine wenok geýdirmegi üçin doga okady. Ýokary ruhanynyň keşbini aktrisa Ksanti Georgiu ýerine ýetirdi. Şondan soň ruhany fakeli Gün şöhlelerini jemleýän parabolik aýna eltdi.

Dabara COVID-19 pandemiýasy sebäpli ikinji gezek tomaşaçysyz geçirildi, Olimpiýa alawynyň estafetasy gysgaldyldy – oňa üç fakel göteriji gatnaşýar.

Gadymy Olimpiýadaky stadionda geçirilen dabara Gresiýanyň prezidenti Katerina Sakellaropulu, Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti Tomas Bah we “Pekin-2022” guramaçylyk komitetiniň hem-de HOK-yň wekilleri gatnaşdy.

Sişenbe güni Panatinaikos stadionynda Olimpiýa alawy hytaý wekiliýetine gowşurylar. Bu stadionda-da tomaşaçy bolmaz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň