Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Aziýa kubogy ― 2023: üçünji saýlama tapgyryň duşuşyklarynyň geçiriljek günleri belli boldy

15:3417.10.2021
0
1727

Bije çekilişik dabarasy 21-nji oktýabrda geçiriljek Aziýa kubogy ― 2023-iň üçünji saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna 2022-nji ýylyň 1-nji fewralynda badalga berler. Şol gün toparçalarda birinji tapgyryň duşuşyklary geçiriler.

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy ikinji we üçünji tapgyryň duşuşyklaryny 24-nji hem-de 29-njy martda geçirmegi meýilleşdirýär. Dördünji tapgyryň duşuşyklary bolsa 14-nji iýunda oýnalar. Saýlama duşuşyklar 22-nji we 27-nji sentýabrdaky bäşinji, altynjy tapgyrlaryň duşuşyklary bilen tamamlanar.

Ýene-de dört günden boljak bije çekilişigiň netijesinde 24 milli ýygyndy her biri dört wekilden ybarat alty toparça bölüner. Her toparçanyň ýeňijisi we toparçalarda ikinji orny eýelän iň gowy bäş ýygyndy yklym ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Bije çekilişige Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ikinji sebetden gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň