Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow «Instagramdaky» şahsy hasabynda Karl Albrektsson bilen bolan tutluşygy barada ýazdy:
«Eminleriň näme karara gelendiginiň tapawudy ýok. Esasy zat tutluşygyň ajaýyp we ýokary derejede geçmegidir. Goldawyňyz üçin köp sag boluň! Bilelikde, has güýçli bolup dolanalyň!».
Biziň ildeşimiziň geçen hepde «Bellator 268-iň» çäginde şwesiýaly türgenden eminleriň gelen netijesi bilen asgyn gelendigini ýatladýarys.