Döwletjan Ýagşymyradow «Bellatordaky» ikinji tutluşygynda eminleriň gelen netijesi bilen garşydaşyndan ýeňildi

08:0017.10.2021
0
37676

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator 268-de» şwesiýaly garşydaşy Karl Albrektssondan eminleriň gelen karary bilen (29:28, 29:28, 29:28) asgyn geldi.

Tutluşyk 17-nji oktýabr gijesinde ABŞ-nyň Arizona ştatyndaky Finiks şäherinde geçirildi.

Tutluşyk ýarym ýeňil agramyň deslapky tapgyrlarynyň biriniň çäginde geçirildi.

Şeýlelikde, Döwlet Ýagşymyradow «Bellatorda» ikinji, profesional karýerasynda ýedinji gezek ýeňildi. Şeýle hem onuň hasabynda 18 ýeňiş we bir deňlik bar.

Döwletjan Ýagşymyradowyň «Bellator» bilen 2020-nji ýylyň dekabrynda şertnama baglaşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň