Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi

23:2315.10.2021
0
20591

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi.

Bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler. Bu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi. “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň