Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň Döwlet býujetini tassyklady

23:1715.10.2021
0
7143

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty, şeýle hem “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamalaryny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygyna garamak üçin iberdi. Bu barada 15-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berildi.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow geljek ýyl üçin esasy maliýe meýilnamasynyň taslamasynyň esasy maddalary boýunça göz öňünde tutulan çykdajylar barada hasabat berip, durmuş ulgamyny ösdürmäge ýeterlik möçberdäki serişdeleriň gönükdiriljekdigini habar berdi. 2022-nji ýylda maýa goýumlaryny, esasan, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, innowasion esasda önümçilikleri ýola goýmaga, ýokary goşmaça bahaly pudaklary ösdürmäge gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet býujetiniň, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüş depginini saklamaga, senagatlaşdyrmaga, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge, ähli ulgamlara innowasion tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmaga gönükdirilmelidigini belledi.

Şeýle-de türkmen Lideri ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmaga mümkinçilik döretmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik meselelerini çözmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň görülmeginiň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny nygtap, geljek ýyl üçin Döwlet býujetine hem-de 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine milli parlamentiň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisinde garamagyň möhümdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň