Soňky habarlar

Arhiw

Garri Potter baradaky filmiň prokata çykan güni baýram ediler

18:1915.10.2021
0
1433

Londonda Garri Potter atly jadygöý oglan barada “Garri Potter we pelsepe daşy” atly ilkinji filmiň ekranlara göýberilen gününiň 20 ýyllygy muşdaklar tarapyndan baýram ediler. Waka bilen baglylykda, 13-nji oktýabrdan başlap, Londonyň merkezindäki Lester-skwer köçesinde jadyly taýajyklar ýakylar. Bu barada “Secret London” neşiri ýazýar.

Eýýäm köçäniň ýakasynda şeýle jadyly çyralaryň dokuzysy oturdyldy, olar Garri Potter baradaky filmiň gahrymanlaryna we hyýaly jandarlara degişlidir. Beýikligi 4,5 metre ýetýän çyraly taýajyklar agşamlaryna köçäni ýagtylandyryp, bu ýerde oturdylan äýnekli oglanjygyň heýkeline şöhle saçar. Şeýle-de bu ýerde Potteriananyň beýleki gahrymanlarynyň hem heýkelleri ýerleşdirilipdir.

Dabara üçin Lester-skwer köçesiniň saýlanyp alynmagy ýöne ýere däl, bu ýerdäki kinoteatrda filmiň ilkinji görkezilişi boldy.

Heýkelleri ýurduň Hall, Stok, Riding we Birmingem şäherlerine hem äkidip, filmiň muşdaklaryna görkezmek meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende aýtsak, filmiň ilkinji görkezilişi 2001-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Londonyň Lester-skwerdäki “Odeon” kinoteatrynda bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň