Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bilermen Türkmenistanyň Türki Geňeşe gatnaşmagyna teswir berdi

19:5914.10.2021
0
5339

Garaşsyz bilermen Mark Nazarow Türkmenistanyň Türki Geňeşe synçy hökmünde gatnaşmagy babatda garaýyşlaryny beýan etdi. Bilermeniň pikirine görä, bu ýagdaý mantyga (logika) laýyk hem-de geljegi uly hadysadyr.

Bitaraplyk hukuk derejesi Garaşsyz Türkmenistana harby däl halkara guramalaryna girmäge ähli hukuklary we mümkinçilikleri berýär. Türkmenistan hem öz gezeginde soňky on ýyllykda dünýäniň dürli meselelerini çözmäge gatnaşmakda bu mümkinçiliginden netijeli peýdalanýar. Belläp geçsek, Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) synçy döwlet hökmünde gatnaşýar, emma bu ýagda guramanyň alyp barýan işlerine onuň işjeň gatnaşmagyna hiç hili päsgelçilik bermeýär – diýip Gundogar News bilermeniň sözlerini getirýär.

Şu ýylyň noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türki Geňeşiň agza ýurtlarynyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň hem çagyrylmagy ilkinji nobatda, ýurdumyzyň Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar sebitleriniň halkara meselelerinde täsiriniň ýokarlanýandygyny, goňşy döwletler bilen ykdysady gatnaşyklarynyň ösýändigini görkezýär.

Garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri Türkiýe Türkmenistanyň öňdebaryjy ykdysady hyzmatdaşlaryndan biri bolup gelen bolsa, soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň Türki Geňeşiniň beýleki agza ýurtlary bolan Özbegistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan bilen hem ykdysady gatnaşyklary ep-esli berkidildi. Netijede, diňe soňky ýyllarda Türkmenistanyň Özbegistan bilen daşary söwda dolanyşygynyň möçberi üç esse ýokarlandy.

Türki Geňeşiň agzalarynyň arasynda ulag we logistika gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek meselelerini aýratyn bellemelidir. Bu meseleleriň aglabasyny köp sanly logistiki halkalarda esasy orny eýeleýän Türkmenistan gatnaşmazdan maslahatlaşmak kyn. Muňa Türkmenistandan Günbatara we Gündogara, esasan türkmen gazy akdyrylýan gaz geçirijileri, ýurtdan üstaşyr geçirilýän demir ýollary we awtoulag ýollary degişlidir. Häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Bir guşak – bir ýol» taslamasynyň ugry bu Geňeşiň ähli ýurtlarynyň üstünden geçýär. Onuň durmuşa geçirilmegi bilelikdäki kararlaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna we kabul edilmegine baglydyr.

Ulag-logistika, import we eksport meseleleri Türkmenistan tarapyndan Hazarýaka döwletleriniň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) forumynyň çäginde çözülýär. Bu meseleler Merkezi Aziýa sebitiniň ähli ýurtlary üçin sebitara gatnaşyklary çözmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ady agzalan guramalaryň çägindäki her bir ýurda, hususan-da, Türki Geňeşiniň agzalaryna bu meselede çalt depginde oňyn karary çykarmaga ýardam edýär. Türkmenistan hem öz gezeginde beýleki ýurtlara zyýan ýetirmezden ähli sebitlerde özara bähbitli ylalaşyklary hödürleýär.

Türki Geňeşde ykdysady, ulag we logistika gatnaşyklaryndan başga-da umumy medeni gymmatlyklar möhüm orun eýeleýär. Häzirki wagtda medeni hyzmatdaşlyk türki bileleşigiň esasyny düzýär. Türki Geňeşiň ähli halklarynyň we Türkmenistanyň umumy taryhy, dili we däp-dessurlary bardyr we olary gorap saklamak hem-de ösdürmek diňe bilelikdäki tagallalar arkaly mümkindir. Bu bolsa häzirki wagtda umumy türki halklarynyň gatnaşyklarynyň wajypdygyny aňladýar.

Türki Geňeşiniň hiç hili harby maksadynyň ýokdugyny we hiç kimiň bähbidine garşy gelmeýändigini bellemek gerek. Geňeş ýurtlaryň arasynda ynamy we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin gural hökmünde çykyş edýär. Şonuň üçin Türkmenistanyň häzirki wagtda Türki Geňeşine synçy hökmünde gatnaşmagy ýerlikli hem-de geljegi uly ýagdaýdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň