Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Halkara söwda merkezi täjirçilik diplomatiýasy boýunça onlaýn okuw maslahaty gurnady

15:2514.10.2021
0
5584

“Ready4Trade Merkezi Aziýa” atly taslamanyň çäklerinde Halkara söwda merkeziniň gurnamagynda, täjirçilik diplomatiýasy we söwda meseleleri bilen bagly gepleşikleri alyp barmak boýunça üç günlük okuw maslahaty başlandy.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri hem-de Halkara söwda merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.

“Ready4Trade Merkezi Aziýa” taslamasy serhetara talaplarynyň aýdyňlygyny ýokarlandyrmak, kadalaşdyryjy päsgelçilikleri aradan aýyrmak, söwda standartlaryny berjaý etmek boýunça işewürlik mümkinçiliklerini berkitmek, şeýle hem serhetara elektron söwdasyny kämilleşdirmek ýoly arkaly halkara we sebitiň içindäki söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Bu okuw maslahaty diplomatlaryň täjirçilik işi bilen bagly amaly ugurlaryny, söwda syýasatyny kesgitleýän, şol sanda gepleşikleriň strategiýasyny işläp düzýän şahslaryň işini, şeýle hem “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynа” laýyklykda ýurdumyzyň alyp barýan söwda ulgamyndaky hereketlerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da okuw maslahatyň dowamynda Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak, BSG agza bolmaklygyň artykmaçlyklary, agza bolmaklygyňprosesi we netijeleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredilendir.

Onlaýn okuw maslahaty 15-nji oktýabra çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň