«Mail.ru Group» adyny VK görnüşinde üýtgetdi

17:4313.10.2021
0
3755

«Mail.ru Group» holdingi özüne degişli «VKontakte» taslamasynyň hormatyna VK adyny aldy. Bu karar, VK toparynyň iň tanalýan markasy we «Z nesliň» meşhur sosial ulgamydygy sebäpli kabul edildi.

Şundan ugur alyp, ýolbaşçylar iň ýaş nesliň bu söwda markasy bilen açylan çeşmeleri ulanmagy dowam etdirjekdigine ynanýarlar. VK-nyň baş direktory Boris Dobrodeýew: «Bu iş ýüzünde nämäni aňladar ― VK her önümde peýda gazanar. VK markasy bilen ähli täze önümleri dörederis" diýdi.

Şeýle hem kompaniýanyň içinde köp taslamanyň atlarynyň üýtgejekdigi bellendi. Şeýlelikde, mysal üçin, ähli mahabat önümleri “VK Advertising” markasy bilen satuwa çykarylar, “Yula” hyzmaty “VK Advertising” adyna öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň