Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Moderna” ýokanja garşy sanjymyň reseptini paýlaşmakçy däldigini yglan etdi

18:0912.10.2021
0
1466

Moderna derman kärhanasy özüniň COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymynyň reseptini paýlaşmakçy däl, sebäbi ýolbaşçylar kompaniýanyň öz önümçiligini artdyrmagyny dünýäde barha artýan islegi kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer diýip hasaplaýarlar. Bu barada AP habarlar gullugy habar berdi.

BSGG-niň Saglygy gorýaşy wekilligi öň “Modernadan” öz sanjymynyň formulasyny paýlaşmagy talap edipdi, emma kompaniýa önümçiligini artdyryp, 2022-nji ýyla çenli goşmaça sanjymlaryň milliardlarçasyny öndürip biljekdigini mälim etdi.

Kompaniýanyň öz sanjymyny, esasan, baý döwletler üçin elýeterli edýändigi barada aýyplamalara onuň ýolbaşçylary garyp ýurtlara hem ýeterlik derejede sanjym iberendiklerini bellediler, bu ABŞ-nyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy diýlip, kompaniýanyň resmi jogabynda nygtalýar.

Moderna Afrikada sanjym öndürýän zawod gurmak üçin 500 million dollar maýa goýmakçydygyny hem habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň