Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Baş sekretary pandemiýa sebäpli dünýäde garyplygyň artýandygyny habar berdi

17:5512.10.2021
0
1320

“COVID-19 ýokanjynyň pandemiýasy zerarly dünýäde 100 milliondan hem köp adam garyplyga uçrady, dört milliardan gowrak adam durmuş goldawyna mätäçlik çekýär” diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Halkara Pul Gaznasynyň koronawirus ýokanjyndan zyýan çekýän döwletleriň ykdysadyýetine dikeltmeklige bagyşlanan maslahatynda habar berdi.

Ol saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň pes derejededigini, adamlaryň girdejilerini goramak babatda ýeterlik iş geçirilmeýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Guterrişiň aýtmagyna görä, sanjymlary adalatly paýlamakda hem deňsizlik höküm sürýär, netijede dünýäde, esasan hem, garyp ýurtlarda millionlarça adam keseliň pidasy bolýar. Ykdysadyýet hem çökgünligi başdan geçirýär, ony dikeltmek üçin trillionlap dollar gerek, ýagdaý has-da garyp döwletlerde ýiti duýulýar. “Bize kesele garşy göreşde tagallalary birleşdirmek gerek, şeýle edenimizde, pandemiýanyň soňuna çykyp bileris” diýip, Baş sekretar aýtdy.

Ol maýa goýumlary artdyryp, olary çökgünligiň netijelerini tiz ýeňip geçmäge, şol bir wagtda uzak möhletleýin derejede ykdysadyýetleri dikeltmeklige gönükdirmäge dünýä döwletlerini çagyrdy.

Guterriş şeýle hem, çökgünligiň zyýan ýetiren ýurtlarynyň hökümetlerini durmuş we ykdysady syýasaty durmuşa geçirmekde goldamagyň möhümdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň