Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabat şäherinde birbada köp gatly jaýlaryň 17-si we kottejleri 70-si ulanylmaga tabşyryldy

14:4510.10.2021
0
6133

Türkmenabat şäherinde dörän täze ýaşaýyş toplumynda birbada köp gatly jaýlaryň 17-siniň we kottejleriň 70-isiniň ulanylmaga tabşyrylmagyna bagyşlanan dabaralar boldy. Bu ýere 600-den gowrak maşgala göçüp bardy. Bu barada "Jeyhun.news" habar berdi.

Täze ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gatnaşdy we jaýlaryň açaryny alan maşgalalary şatlykly waka bilen gutlady. Jaýlar, öýlerde döredilen amatlyklar we olaryň daşynda gurlan goşmaça binalar bilen tanyşdy. Mejlisiň başlygy kottejleriň birinde jaý toýuna taýýarlyk görýän maşgala tamdyrda çörek ýapmaga kömekleşdi.

Türkmenabat halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda emele gelen ýaşaýyş toplumy öňden bar jaýlaryň üstüni ýetirdi. Mundan üç ýyl ozal ― 2018-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda bu ýoluň ugrunda her biri dört gatly, 30-40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň bir günde 22-si açylyp, ulanmaga berilipdi. Şol gün döwlet Baştutany bu ýerde täze bir ýaşaýyş toplumynyň hem düýbüni tutupdy.

Köp gatly jaýlaryň her biri 32 öýlüdir. Olara 544 hojalyk göçüp bardy. 70 maşgala bolsa kottejlere göçüp bardylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň