Türkmenistanyň Prezidenti «EKSPO-2020» bütindünýä sergisine gatnaşdy

07:4110.10.2021
0
4849

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrdy. Saparynyň dowamynda Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkeziniň «Al Wasl» meýdançasynda Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet senasy ýaňlanmagy bilen Türkmenistanyň Milli güni dabaraly ýagdaýda açyldy. Açylyş dabarasyna BAE-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň Baş direktory Rimal Al Haşemi hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýokary wezipeli adamlary bilen bilelikde, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynda gazanan üstünliklerini giňişleýin açyp görkezýän türkmen pawilýonyny gözden geçirdi. «Ykjamlylyk» bölüminde ýer alan Türkmenistanyň milli pawilýony «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşýan pawilýonlardan özboluşly tapawutlanmak bilen, ol «Ahalteke bedewleri bilen medeniýete syýahat» şygary astynda geçýändir. Pawilýonyň içerki bezegi hem ýurdumyzyň milli şygaryna doly laýyk gelýändir.

Milli pawilýon bilen tanyşlyk wagtynda bu ýere ýygnanlara Türkmenistanyň ulag, gurluşyk, saglygy goraýyş, sport we medeniýet ulgamlarynda ýeten belent sepgitlerini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi. Döwlet Baştutany türkmen pawilýony bilen tanyşlyga gatnaşyjylaryna ýurduň ösüşiniň öňdebaryjy ugurlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ýokary görkezijilerini giňişleýin beýan etdi.

Döwlet Baştutany şeýle-de BAE-niň ösüşiniň öňdebaryjy ugurlaryny beýan edýän Birleşen Arap Emirlikleriniň sergi pawilýonyna gelip, dostlukly döwletiň sergi bölümi bilen hem tanyşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň