Türkmenistan bilen Emirlikleriň arasynda ikitaraplaýyn şertnamalaryň toplumyna gol çekildi

20:4809.10.2021
0
9355

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde türkmen Lideri BAE-nyň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Emirlikleriň resmi saýtlary habar berýär.

Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» bütindünýä sergisiniň baş edarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda Emirlikleriň ýokary wezipeli ýolbaşçy düzüminiň arasynda gepleşikler geçirildi.

BAE-nyň Premýer-ministriniň orunbasary jenap Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahýan BAE-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ykdysadyýetiň we ösüşiň dürli ugurlarynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge berýän ähmiýetine ünsi çekdi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän birnäçe meseläni we resminamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «EKSPO-2020» bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagyna kanagatlanma bildirip, bu iri gözden geçrilişiň iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde örän netijelidigini belledi.

Gepleşikler tamamalanandan soň, ikitaraplaýyn şertanmalara we ähtnamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Şertanmalaryň arasynda ulag-aragatnaşyk, energetika, söwda, maýa goýumlary ýaly iri ugurlar bar. Şeýle-de Türkmenistanyň hökümeti Abu Dabiniň Ösüş gaznasy bilen Türkmenabat şäherinde mineral dökünleri öndürmek üçin himiki zawod döretmek taslamasyny maliýeleşdirmek üçin karz şertnamasy baglaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň